11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň prorektorlaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Kararlara gol çekdi. Hususan-da, Derýaguly Hudaýgulyýewiç Rzaýew Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi. Gurbanmyrat Sähedow, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Güýçgeldi Garýagdyýewiç Hojamyradow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi. Ýazmyrat Baýrammyradowiç Rejepow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Sähetmyrat Seýitmyradowiç Pürsüýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi. Gurbansähet Amansähedowiç Gurbansähedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Peýzulla Rozbaýewiç Hydyrow, pensiýa gitmegi sebäpli, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Merdan Amanowiç Atabaýew Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi. Gaýgysyz Annaçaryýewiç Ataýew Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir