Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy. bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek konserniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Bäşimgulyýewiç Ataýewiň üstüne ýüklenildi. Degişli resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi. Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümleriň meýilnamasy 108 göterime barabar boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir