20th Century studiýasy meşhur “Muzeýdäki gije” (Ночь в музее) franşizasyny täzeden başlamagyň üstünde işleýär. Täze komediýanyň çykjak senesi heniz belli däl diýip, Variety ýazýar. Sýužet hem gizlin saklanýar, ýöne wakanyň gije eksponatlaryň janlanýan şol bir muzeýinde bolup geçjekdigi belli. Wakanyň merkezinde täze gahrymanlar bolar. Filmiň prodýuseri hökmünde franşizanyň öňki bölümleriniň we “Dedpul we Rosomaha” filminiň režissýory Şon Lewi çykyş eder. Ben Stilleriň gatnaşmagyndaky birinji “Muzeýdäki gije” filmi 2006-njy ýylda çykdy we 110 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 570 mln dollardan gowrak girdeji gazandy. Filmiň üstünligi 2009-njy we 2014-nji ýyllarda onuň iki dowamynyň düşürilmegine getirdi.