Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, ol öňki wersiýadan on esse kuwwatlydyr. Täze model çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolup, PhD derejesinden (ylymlar kandidaty derejesine barabar) ýokary bilim derejesini görkezýär. Mask onuň, hususan-da, fizika ugrunda ylmy açyşlary etmäge ukyplydygyny aýdýar. Last Human Exam (“Adamzadyň soňky synagy”) testinde Grok 44,4% gazandy. Ulgam gönüden-göni brauzerde kosmos jisimleriniň çaknyşmagyny modelirläp, şeýle-de, Polymarket platformasyndan alnan maglumatlary seljerip we sport wakalarynyň netijelerini çaklap bilýär. Mundan başga-da, Grok 4 işi özbaşdak dolandyrmaga ukyply – kompaniýanyň maglumatlaryna görä, netijelilik adamyň dolandyryşyndan alty esse ýokarydyr. Neýroulgamda tebigy sözleýşi döredýän, pyşyrdap, gygyryp we aýdym düzüp bilýän Eve ses moduly ulanylýar. Şeýle-de, Grok-yň programmistler üçin koding işine ýöriteleşdirilen ýörite wersiýasy taýýarlanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir