Jastin Biber täze “Swag” albomyny çykardy. Albom aýdymçynyň diskografiýasynda ýedinji boldy. Şol bir wagtyň özünde Biber täze “Skylrk” eşik brendinden ilkinji kolleksiýany hödürledi. Alboma 21 aýdym, şol sanda Druski, Gunna, Sexyy Red, Cash Cobain we beýleki artistler bilen bilelikdäki aýdymlar girdi. Prodýuserler hökmünde Dijon, Mk.gee, Knox Fortune we Daniel Caesar çykyş etdi. Aýdymlaryň arasynda All I can take, Standing on business, Daisies, Yukon, Go Baby, Things You Do we beýlekiler bar. “Swag” Biberiň öňki albomlaryndan tapawutlanýar: ol has tukat we şahsy boldy. Sosial ulgamlary ulanyjylar aýdymlaryň örän emosionaldygyny belledi. Hususan-da, Daisies we Yukon aýdymlary halandy. Käbir diňleýjileriň bolsa, albom göwnünden turmady. Biber reliz bilen baglylykda aýaly we ogly Jek Blýuz bilen düşen suratyny hödürledi. Biberiň mundan öňki albomy Justice 2021-nji ýylda çykypdy. Şeýle-de, onuň My World 2.0 (2010), Under the Mistletoe (2011), Believe (2012), Purpose (2015) we Changes (2020) albomlary bar. Albomyň relizi bilen bir wagtda diýen ýaly hödürlenen Skylrk brendiniň kolleksiýasyna hudi, maýkalar, başgaplar, äýnek we aýakgap girýär. Olar gülgüne, sary, gyzyl, gök we gara reňklerde ýerine ýetirildi. Harytlar brendiň resmi saýtynda eýýäm elýeterli. Biber özüniň ikinji moda brendini 2023-nji ýylyň dekabrynda döretdi. Hypebeast-yň bellemegine görä, onuň 2018-nji ýylda Raýan Gud bilen bilelikde döredilen Drew House-dan nähili tapawutlanjakdygy belli däldi. Ýöne soň aýdymçy onuň öz döredijilik garaýyşlaryna laýyk gelmeýändigini aýdyp, köne taslamadan ýüz öwürdi.