«Volkswagen» nemes konserni özüniň Hytaýdaky kärhanalaryny ýapmaga başlady. Bu barada «Handelsblatt» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. «Volkswagen» awtokonserni we onuň «SAIC» hytaý hyzmatdaşy Nankindäki bilelikdäki kärhanasyny ýapýarlar. Ol ýerde önümçilik eýýäm togtadyldy. Zawody ýylyň ikinji ýarymynda doly ýapmak meýilleşdirilýär» diýlip, habarda bellenýär. Bu çäre bazarda barha artýan bäsdeşlik, şeýle-de logistika babatda kynçylyklar bilen baglydyr.