Türkmenistanly agyr atletikaçylar Astanada geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda medal gazanmaklaryny dowam etdirýärler. Ýetginjekleriň arasynda 86 kilograma çenli agram derejede Anamjan Rustamowa silterläp götermekde 105 kilogram netije bilen kiçi kümüş medala, itekläp götermekde 140 kilogram agyrlygy galdyryp, kiçi altyn medala, umumylykda 245 kilogram görkeziji bilen uly altyn medala eýe çykdy. Türkmen türgeni bilen birinjilik ugrunda ýiti göreş alyp baran hytaýly Li Hue bolsa iki görnüşiň jemi boýunça 244 kilogram (silterläp götermekde 110 kg, itekläp götermekde 134 kg) netije bilen ikinji orny eýeledi. Bu agramda üçünjilik özbegistanly Madina Faýzullaýewa (silterläp götermekde 96 kg, itekläp götermekde 119 kg, jemi 215 kg) nesip etdi. Mundan başga-da, ýetginjekleriň arasynda türkmen türgeni Süleýman Japarow 110 kilograma çenli agram derejede itekläp götermekde 182 kilogram agyrlygy eýgerip, kiçi bürünç medala we iki görnüşiň jemi boýunça 327 kilogram netije bilen uly bürünç medala mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 145 kilogram görkeziji bilen dördünji orna ýerleşdi. Ýaşlaryň arasynda Yslam Akmyradow iki görnüşiň jemi boýunça 315 kilogram netije bilen uly bürünç medalyň eýesi boldy. Ol silterläp götermekde 1139 kilogram, itekläp götermekde 176 kilogram görkeziji bilen dördünji orny eýeledi. Şeýlelikde, düýn tamamlanan ýaşlaryň arasyndaky yklym birinjiliginde Türkmenistanyň ýygyndysy 4 kümüş we 7 bürünç medal bilen umumy hasapda 11-nji orny eýeledi. Ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionaty bolsa şu gün tamamlanar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysy medallaryň hasabynda 2 altyn, 1 kümüş we 5 bürünç medal bilen ilkinji onlugy jemläp dur.