Malaýziýaly zenan derýada balyk toruny gurup, äpet krokodil tutdy. Waka ýurduň Kudat etrabynda boldy diýip, «MIR 24» habar berdi. Deňiz krokodiliniň uzynlygy 3 metr, agramy 300 kilograma golaý. Howply süýrenijini görüp, balykçy zenan gorkudan gygyrdy, onuň sesine ýerli ýaşaýjylar ylgaşyp geldiler. Olar üýşüp, ýyrtyjyny suwdan çykardylar. Waka barada dessin gulluga habar berdiler. Ol ýere etrabyň dessin kömek edarasyndan işgärler topary geldy, olar krokodili tutup, ýabany tebigaty goramak edarasyna tabşyrdylar. Netijede, hiç kim ejir çekmedi diýlip, habarda bellenýär. Deňiz krokodilleri Malaýziýanyň mangra tokaýlarynda, derýalarda we kenarýaka etraplarynda ýaşaýarlar. Olar yzygiderli adamlara hüjüm edýärler. Mysal üçin, iýulyň başynda gözleg-halas ediş toparlary balyk awlaýarka, krokodil hüjüm eden 58 ýaşly ýerli ýaşaýjyny gözlediler. Onuň jesedini ertesi gün tapdylar diýip, «The Independent» neşiri habar berdi.