Milliarder Kennet S. Griffin Sotheby’s auksionynda ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen 13-nji düzedişiň Awraam Linkoln tarapyndan gol çekilen golýazmasyny satyn aldy. Gul eýeçiligini ýatyran resminama 12 mln dollara satyldy, auksionyň komissiýalary hem goşulanda, geleşigiň umumy mukdary 13,7 mln dollar boldy. Bu şeýle görnüşli resminamalar üçin rekord mukdar hasaplanýar. Golýazma «Fine Books and Manuscripts, Including Americana» atly söwdanyň ilkinji tapgyrynda hödürlendi we esasy lotlaryň (gymmatlyklaryň) biri boldy. Häzirki wagtda şeýle resminamalaryň diňe dört nusgasy hususy kolleksiýalarda saklanýar. Griffin şeýle-de Linkolnyň 1864-nji ýylda gol çeken Gullary azat etmek baradaky Proklamasiýasyny hem satyn aldy. Onuň bahasy 4,4 mln dollar bolup, deslapky bahasy 3 mln bilen 5 mln dollar aralygynda kesgitlenipdi. Milliarder öz beýanatynda bu resminamalary satyn alandygyny, sebäbi olaryň jemgyýetde ähli adamlaryň deňhukuklylygy baradaky idealy berkidendigini we taryhda «öňe ädilen iň uly ädimlerdigini» belläp geçdi. Kennet S. Griffin – «Citadel» atly maýa goýum gaznasynyň (hej-fond) esaslandyryjysy, şeýle-de dünýädäki iň uly sungat kolleksionerleriniň we hemaýatkärleriniň biridir. Ol «ARTnews Top 200 Collectors» sanawyna girýär, onuň kolleksiýasynda Jasper Jons, Willem de Kuning, Jekson Pollok we Pol Sezann ýaly meşhur suratkeşleriň işleri bar. Işewür şeýle hem ABŞ-nyň iň iri muzeýleriniň birnäçesine goldaw berýär, olaryň arasynda Nýu-Ýorkdaky MoMA, Çikagodaky Häzirki zaman sungat muzeýi we Floridadaky Norton muzeýi bar. 2021-nji ýylda Griffin ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň örän seýrek nusgasyny 43,2 mln dollara satyn aldy. 2025-nji ýylyň ýazynda ol bu resminamany Filadelfiýadaky Milli Konstitusiýa merkezine wagtlaýyn berjekdigini hem-de şol merkeze 15 mln dollar bagyşlajakdygyny mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir