Toyota kompaniýasy HiLux pikabynyň täze plagin gibrid (PHEV) wersiýasyny taýýarlaýar. Ýapon çeşmeleriň ýazmagyna görä, bu modeliň elektrikleşdirilmegine gönükdirilen ilkinji ädim bolar we Ford Ranger PHEV hem-de BYD Shark 6 ýaly bäsdeşlere gönüden-göni jogap hökmünde çykarylar. Häzirki wagtda gibrid ulgamyň tehniki aýratynlyklary barada resmi maglumat ýok. Emma rozetkadan zarýad alýan görnüşiň dizelli modifikasiýalardan soň, 2026-njy ýylda bazara çykmagyna garaşylýar. Gizlin düşürilen suratlara görä, täze HiLux doly täze nesil bolman, häzirki modeliň düýpli döwrebaplaşdyrylan görnüşi bolar. Çeşmeler onuň Land Cruiser 300 we täze Prado modellerinde ulanylýan GA-F kysymly çarçuwaly platformanyň binýadynda guruljakdygyny aýdýar. Bu bolsa gibrid düzüm bölekleriniň integrasiýasyny ýeňilleşdirer. Kompaniýa şeýle hem HiLux-yň doly elektrikli we wodorod bilen işleýän görnüşlerini hem çykarmagy meýilleşdirýär. Elektrikli model eýýämden Tailandda synag edilýär, 2027-nji ýyla çenli bolsa Ýewropada bazara çykarylmagyna garaşylýar. Hereketlendirijileriň hatarynda 2,4 we 2,8 litr göwrümli (kuwwaty 150 kWt-a çenli) dizel hereketlendirijiler saklanyp galar, olara diňe elektrik bilen işläp bilmeýän 48-woltlyk ýeňil gibrid ulgam goşular. Häzirki awtomatiki karobkanyň ýerine, Prado-dan alnan sekiz basgançakly täze karobka ornaşdyrylar. Pikabyň doly herekete getirijili shemasy, kuzowyň ölçegleri we GR Sport görnüşi öňküligine galar. Täze modeliň resmi tanyşdyrylyşy öňümizdäki aýlarda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir