5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň 70 göterimden gowragy durmuş maksatly desgalardan ybarat. Türkmen halkynyň Milli Lideri guş uçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryny we lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň, Haly kärhanasynyň ýerleşdirilýän ýerlerini we gurluşyk işlerine girişmek üçin ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň derejesini synlady. Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Arkadag şäheriniň önümçilik toplumlary bilen bir hatarda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-dynç alyş seýilgähleriniň gurluşyklary degişli derejede dowam etdirilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň dikuçary täze şäheriň ýokarsynda öwrüm edip, günbatarlygyna tarap ugur aldy. Ýolugra bu çäklerde alnyp barylýan işleri synlap, gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek we binalary öz wagtynda ulanmaga tabşyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary paýtagtymyzyň gündogar künjeginde hereket edýän M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň ýokarsynda öwrüm etdi. Lukman Arkadagymyz bu lukmançylyk edaralarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere taýýarlyk görmek babatda degerli maslahatlaryny berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir