Senegalda Akon City futuristik şäheriň gurluşygy resmi taýdan ýatyryldy. Munuň sebäbiniň maliýe ýetmezçiligi we gurluşyk işleriniň togtadylmagy bilen baglanyşyklydygyny ýerli wezipeli adamlaryň sözlerine salgylanýan Bi-bi-si habar berýär. Muňa garamazdan, Senegalyň hökümeti taslamanyň inisiatory repçi Eýkon bilen kenarýaka Mbodýen obasynyň golaýynda ýerleşýän şol bir ýerdäki täze, has realistik taslama boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler. Eýkon ABŞ-da doguldy, ýöne asly senegally bolup, çagalygynyň bir bölegini öz ýurdunda geçirdi. Ol 2018-nji ýylda Akon City taslamasyny hödürledi. Şäher tutuşlygyna üsti ýetirilip durulýan energiýa bilen işlemelidi we AKoin kriptowalýutasy walýuta hökmünde ulanylmalydy. Taslamanyň kesgitlenen býujeti 6 milliard dollardy. Egrem-bugram binalaryň renderleri Marvel komikslerindäki hyýaly Wakanda bilen baglanyşygy ýatladýardy. Taslamanyň 2023-nji ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilen birinji tapgyrynda hassahananyň, söwda merkeziniň, mekdebiň, polisiýa merkeziniň, galyndylary gaýtadan işleýän merkeziň we Gün elektrik stansiýasynyň gurluşygy bolmalydy. Şeýle-de bolsa, şu güne çenli diňe kabul ediş binasy guruldy (ol hem doly däl). AKoin kriptowalýutasy hem kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy, ýagny maýa goýujylara töleg tölemekde meseleler ýüze çykdy we Senegalda ony ulanyp boljagy gümanady. Resmi walýuta Merkezi bank tarapyndan dolandyrylýan KFA franky bolmagynda galýar. 2021-nji ýylda Akon Ugandada şuňa meňzeş taslamany yglan etdi, ýöne ol ýerde hiç hili işjeň gurluşyk işi başlanmady. 2025-nji ýylyň maý aýynda bu taslamanyň “pyşdyl tizliginde” gyrmyldaýandygyny we onuň 15 ýyla çekip biljekdigini gürrüň berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir