«BMW M2 CS» köpçülikleýin öndürilýän ykjam awtoulaglaryň arasynda Nýurburgring ýaryş ýolunda täze rekord goýdy. Kupe görnüşli awtoulag 20,8 kilometrlik ýoly 7 minut 25,5 sekuntda geçdi. Şeýlelikde, ýoly 7 minut 30 sekuntdan gysga wagtda geçmegi başaran ilkinji ykjam awtoulag boldy. Täze netije öz synpyndaky ozalky rekordy 8 sekunt aratapawut bilen geçdi. Rekord 11-nji aprelde, ýagny modeliň resmi tanyşdyrylyşyndan öň hasaba alnypdyr, emma bu barada resmi taýdan ýaňy habar berildi. Şonuň üçin hem awtoulag suratlarda kamuflýažly (kuzowy ýapýan örtükli) ýagdaýda görkezilýär. Rulda inžener we awtosportçy Ýorg Waýdinger oturan eken. Ol 2023-nji ýylda hem «BMW M2» bilen 7 minut 38,7 sekuntlyk netijäni görkezip, rekord goýupdy. Ýazda tanyşdyrylan «BMW M2 CS» 530 at güýjüni öndürýär we 650 Nm tork berýär. Hereketlendirijisi sekiz diapazonly karobka bilen işleýär. Awtoulagyň asma ulgamy täzelenipdir, üstesine-de, adaty M2 modeliniňden has ýeňil bolupdyr. Hut şu kämilleşdirme rekord netijä ýetmäge ýardam beripdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir