Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullady. Degişli teklibi anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hödürledi. Serdar Berdimuhamedow agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan halkara guramalar bilen sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Bu işleriň çäklerinde halkara derejede tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir