18-nji noýabrda Simon & Schuster neşirýaty amerikaly sazanda, şahyr we ýazyjy Bob Dilanyň Point Blank (Quick Studies) ady bilen kitap-albomyny çykarar. Kommersant neşiriniň habar bermegine görä, neşire sazanda tarapyndan 2021-2022-nji ýyllarda döredilen 100-e golaý gara-ak suratlar girer. Ilkibaşda bu suratlar has uly suratlar üçin eskiz hökmünde göz öňünde tutulypdy. Suratlaryň arasynda portretler, natýurmortlar, şäher peýzažlary we gündelik sahnalar bar. Hususan-da, kitapda rolikli aşyk-magşugy we karaoke aýdýan erkek adamy görmek bolýar. Dilan surat çekmek bilen eýýäm köp ýyl bäri meşgullanýar. Onuň işleri Self Portrait we Planet Waves albomlarynyň daşynda peýda boldy. 2007-nji ýylda ol Drawn Blank ady bilen ilkinji sergisini geçirdi. Kitap Chronicles: Volume One ýatlamalarynyň audio görnüşi bilen ugurdaş çykar. Ony aktýor Şon Penn seslendirer. Bob Dilan soňky 60 ýylda pop-medeniýetde esasy şahsyýetleriň biri hasaplanýar. Ol 2016-njy ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. 2022-nji ýylda Sony Music kompaniýasy onuň ähli ýazgylary, şol sanda geljekki relizleri üçin hukuk satyn aldy. Şertnamanyň bahasy aýdylmaýar.