“Lilo we Stiç” remeýki bütin dünýäde 957,6 mln dollar ýygnap, 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan golliwud filmi boldy. Ol “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi diýip, Deadline habar berýär. Film eýýäm altynjy hepde prokatda bolup, 1 mlrd dollar görkezijisine golaýlaýar. Eger kassa ýygymy artmagyny dowam etdirse, ol 2025-nji ýylyň bu çäge ýeten ilkinji filmi bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň içerki bazarynda “Minecraft” öňdebaryjy bolmagynda galýar – onuň bu ýerde kassa ýygymy “Lilo we Stiçiň” 403,7 mln dollary bilen deňeşdireniňde, 423,9 mln dollara barabar. Bular şu ýylda amerikan bazarynda 400 mln dollar görkezijisine ýeten ýeke-täk taslamalardyr. Neşiriň maglumatlaryna görä, “Lilo we Stiçe” tomaşa edenleriň 60%-den gowragy zenanlar. Köp bazarlarda, şol sanda Fransiýada we Meksikada film 2025-nji ýylda iň köp girdeji gazanan film boldy. Şeýle-de, Latyn Amerikasynda we Meksikada ol taryhda Disney-iň iň üstünlikli live-action kartinasy boldy. 2002-nji ýylyň asyl multfilmi öz döwründe dünýäde 274,7 mln dollar gazandy. Geçen ýyllarda ol Disney+-de hite öwrüldi: ulanyjylar asyl wersiýany we onuň bilen bagly taslamalary görmek üçin 579 mln sagat sarp etdi. Diňe birinji bölüm 306 mln sagat tomaşa ýygnady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir