Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär. “Beýni-kompýuter” interfeýsleri maýyplara protezleri dolandyrmaga we ýitirilen funksiýalary bölekleýin dikeltmäge mümkinçilik berýär. Emma şeýle ulgamlaryň köpüsi hirurgik usulda implantasiýa edilýän enjamlara esaslanýar, bu bolsa olaryň giňden ulanylmagyny çäklendirýär. Karnegi-Mellon uniwersitetiniň barlagçylar topary alternatiwany - elektroensefalografiýa (EEG) esaslanýan ulgamy teklip etdi. Kelläniň ýüzüne ýerleşdirilen elektrodlar beýniniň işjeňligini ýazga alýar. Alnan signallar neýroulgam tarapyndan işlenýär-de, hakyky wagtda robot goluň her barmagynyň hereketlerine geçirilýär. "Biziň barlagymyzda synagdan geçirilýänler birnäçe barmak bilen işleri ýerine ýetirmek üçin akyllaryny ulanyp, protezleri üstünlikli dolandyryp bildiler" - diýip, Karnegi-Mellon uniwersitetiniň biomedisina inženerçiligi boýunça professory Bin He gürrüň berdi. Ulgam hirurgik operasiýany talap etmeýär, dürli şertlere aňsatlyk bilen uýgunlaşdyrylýar we ulanyjylaryň giň köpçüligi üçin amatly. Ol diňe protezleri dolandyrmakda däl, eýsem kän fiziki güýç sarp etmezden, hat ýazmak ýa-da ownuk zatlary dolandyrmak üçin hem ulanylyp bilner.