Mitsubishi kompaniýasy täze Grandis krossowerini hödürledi. Bu model 13 ýyllyk arakesmeden soň Ýewropa bazaryna dolanyp gelýär. Öňler miniwen görnüşinde çykarylan Grandis, indi Renault-yň platformasynda gurlan gibrid krossower görnüşinde täzeden döredildi. Dizaýny boýunça täze model Renault Symbioz-a meňzeş, ýöne öňdäki bamperi, radiator gözenegi we 19 dýuýmlyk tekerleri bilen özboluşly keşbe eýe. Bagažyň göwrümi 434 litrden başlap, oturgyçlar ýygnalanda 1455 litre çenli artýar. Esasy wersiýasy 140 at güýjüni öndürýän 1,3 litrlik turbohereketlendiriji bilen üpjün ediler. Ol alty basgançakly mehanika ýa-da ýedi basgançakly «robotlaşdyrylan» karobka bilen işleýär. Iň ýokary görnüşlerinde bolsa üç hereketlendirijili gibrid ulgam bolar: 109 at güýjündäki 1,8 litrlik benzinli hereketlendiriji, 49 at güýjündäki elektrohereketlendiriji we 20 at güýjündäki starter-generator. Elektrik ulgamy 1,4 kWt·sag sygymly litiý-ion batareýadan güýç alýar. Ulgam doly elektrikli, gibrid, energiýany dikeldýän we batareýanyň zarýadyny 40% we ondan ýokary saklaýan E-Save ýaly birnäçe iş tertibini goldaýar. Grandis modeli häzirki zaman enjamlar bilen üpjün ediler: 10,4 dýuýmlyk ekrany bolan Google hyzmatly media ulgam, ýagtylygyny sazlap bolýan panoramaly üçek, hereket duýujy bilen işleýän elektrikli bagaž gapysy hem-de sürüjä ýardam berýän dürli ulgamlaryň toplumy. Krossoweriň önümçiligi Renault-yň Ispaniýadaky zawodynda ýola goýlar, Ýewropadaky satuwlary bolsa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlanar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir