Prezident Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär. Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nikolas Maduro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wenesuelanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni her ýyl 5-nji iýulda bellenilýär. Şol gün 1811-nji ýylda ýurduň ispan täjinden Garaşsyzlygy hakynda Jarnamasy kabul edildi.