4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. M.Bäşimowa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ähli rezolýusiýalary goldandygy üçin polşa tarapyna minnetdarlygyny bildirip, işjeň hökümetara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge türkmen tarapynyň ygrarlylygyny tassyklady. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýulmagy, iki ýurduň wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Polşada guralýan sergilere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, taraplar medeniýet, bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir