3-nji iýulda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjana amala aşyran saparynyň çäginde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk pudagyndaky wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly birnäçe soraglara garaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir