Kaliforniýanyň kazyýet oturdaşlary Android enjamyndan ulanyjy maglumatlarynyň bikanun ýygnalmagy bilen bagly iş üçin Google kompaniýasyny 314 million dollar tölemäge borçly etdi diýip, Bloomberg habar berýär. Talap arzasyna görä, Alphabet Inc. bölümi smartfonlary müşderileriň hasabyna ykjam interneti ulanmak bilen, hatda Wi-Fi-a hem birikmezden kompaniýanyň serwerlerine maglumat iberer ýaly edip düzüpdir. Maglumatlaryň maksatly mahabat we kartalaşdyryş hyzmatlaryny gowulandyrmak ýaly, täjirçilik maksatly ulanylandygy aýdylýar. Talap arzasy 2019-njy ýylda Kaliforniýanyň ýaşaýjylarynyň adyndan Santa-Klara etrap ýokary kazyýetine berlipdir. Bu iş Google-yň gizlinlik amallary bilen baglanyşykly birnäçe kazyýet işiniň bir bölegidir. Ýurt boýunça Android ulanyjylara degişli aýratyn federal kazyýet işi 2026-njy ýylyň başynda kazyýetde serediler. Google-yň wekili kompaniýanyň kazyýetiň karary bilen ylalaşmaýandygyny we şikaýat etmek isleýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Android ulanyjylary enjamlaryny sazlanlarynda we hyzmatyň şertlerini kabul edenlerinde maglumatlaryň paýlaşylmagy bilen razylaşýandygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir