Newada ştatynda ulanylan elektromobilleriň batareýalaryndan öndürilen energiýa saklaýyş ulgamy bilen işleýän maglumat merkezi açyldy. Taslama Redwood Materials we Crusoe kompaniýalary tarapyndan dört aýyň içinde amala aşyryldy diýip, Bloomberg habar berýär. 12 megawattlyk maglumat merkezinde 2000 grafiki prosessory we 62 megawatt sagat sygymly energiýa saklaýjy ulgam ulanylýar. Gün panelleri bölekleýin awtonomlygy üpjün edip, batareýalara zarýad berýär. Redwood-yň täjirçilik müdiri Kel Lenktonyň sözlerine görä, bu Demirgazyk Amerikadaky iň uly mikroulgamdyr. Kompaniýa munuň bilen çäklenmek islemeýär we ol häzirki geriminden 20-100 esse uly ulgamlary işe girizmegi meýilleşdirýär. Redwood Materials 2017-nji ýylda Tesla-nyň esaslandyryjysy Jeý Bi Straubel tarapyndan esaslandyrylypdy. Ol batareýalary gaýtadan işleýär we täze batareýalar üçin material ýasaýar. Lenkton awtoulaglar üçin ýaramly batareýalaryň stasionar energiýa saklamak üçin ýeterlik kuwwatyny saklaýandygyny belleýär. "Bu batareýalar üçin garrylar öýi ýaly bir zat. Olaryň bahasy täze litiý-ion ulgamlaryndan iki esse arzan, ýöne işleýşi edil şolaryňky ýaly netijeli" diýip, Lenkton düşündirýär. Maglumat merkezleri, esasanam AI-e hyzmat edýänler üçin energiýa bolan isleg artýar. Torlara birikmek uzak ylalaşmalary talap edýär. "Biziň taslamamyz dört aýyň içinde amala aşyryldy. Bu energiýa ýetmezçiligi meselesini nädip çözmelidigini görkezýär" – diýip, Crusoe kompaniýasynyň baş direktory Çeýz Lohmiller mälim etdi. 2024-nji ýylda Redwood batareýalary gaýtadan işlemekden 200 million dollar gazandy. Kompaniýa 2025-nji ýylda girdejisiniň düýpgöter ýokarlanmagyna garaşýar. Hünärmenler batareýany gaýtadan işlemegiň galyndylary azaltmaga we kuwwaty çalt artdyrmaga kömek edýändigini belleýärler.