Demi Mur, Timoti Şalame, Emili Blant we Maýli Saýrus Los-Anjelesiň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyza mynasyp bolar. Olaryň atlary 2026-njy ýylda öz gazananlaryny Golliwud alleýasynda ebedileşdirjek 33 adamyň sanawyna girdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Ýyldyzlar “Kino”, “Telewideniýe”, “Teatr ýa-da janly çykyş”, “Radio”, “Ses ýazgysy” we “Sport güýmenjeleri” kategoriýalarynda berilýär. Şeýle hormata mynasyp bolan beýleki adamlaryň arasynda aktýorlar Rami Malek, Stenli Tuççi we Reýçel MakAdams, şeýle-de şef-aşpez we telealypbaryjy Gordon Ramzi bar. “Sport güýmenjeleri” kategoriýasynda ýyldyzy öňki basketbolçy Şakil O’Nil alar. Aýdymçy we aktrisa Maýli Saýrus bu habara sosial ulgamlardaky sahypasynda teswir berdi. “Meni ruhlandyran şahsyýetler bilen gurşalan bu meşhur alleýada yz galdyrmak ýönekeý bir arzuw ýaly görünýär. Bu pursat baky ýaşar. Muny mümkin eden durmuşymdaky ähli adamlara minnetdar” – diýip, ol ýazdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir