Bilbaodan “Atletik” futbol kluby ispaniýaly ýarymgoragçy Niko Uilýams bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Täze şertnama 2035-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Bellenilişi ýaly, 22 ýaşly futbolçynyň şertnamany möhletinden ir ýatyryp, başga bir kluba geçmegi üçin tölemeli mukdar 50%-den gowrak ýokarlandy. Ozal KHBS öňki şertnamada bu mukdaryň 62 mln ýewrodygyny habar beripdi. “Karar bermeli bolanda, meň üçin esasy zat – ýüregim. Men öz bolmak isleýän ýerimde, öz halkym bilen. Bu meniň öýüm. Men bu ýerde ösdüm, hünärmen boldum we hakyky goldawy duýdum. Men bu taslama ynanýaryn we klub bilen ösmegi dowam etdirmek isleýärin. Meniň üçin “Atletigiň” reňkini goramak mertebe – men meýdançada ähli güýjümi görkezmekçi” – diýip, Uilýams aýtdy. Geçen ýyldan bäri KHBS-de oýunçynyň “Barselona” geçip biljekdigi barada gürrüňler boldy. Marca neşiriniň maglumatlaryna görä, futbolçy katalon klubundan transfer bolan ýagdaýynda La Ligada hasaba alynjakdygyna resmi kepil almak isledi. Ol Dani Olmo bilen Pau Wiktoryň düşen ýagdaýyny gaýtalamak islemedi – olarda çempionatda hasaba alynmakda kynçylyk ýüze çykypdy. Geçen möwsümde Uilýams “Atletik” üçin ähli ýaryşlarda 45 oýna gatnaşyp, 11 gol geçirdi we 7 assist etdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 70 mln ýewro barabar.