Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi. Ses ýazgysy tas ýedi sagat dowam edýär. “Melaniýa” kitaby şahsy wakalary, suratlary we ýatlamalary özünde jemleýär. Onda awtor Donald Tramp bilen duşuşygy, Ak tamdaky durmuş we Ýugoslawiýadaky çagalygy barada gürrüň berýär. Şeýle-de, ol kitapda Pensilwaniýanyň Batler şäherinde öz janyna kast edilmegi barada agzap geçýär. Melaniýa şahsy maglumatlary bilen seýrek paýlaşýar. Şol sebäpli neşir ol barada köp zat bilmek üçin gowy mümkinçilikdir. Melaniýanyň sesiniň nusgasyny döretmek üçin algoritm onuň gürleýiş aýratynlygyny, şol sanda intonasiýa säginmelerini seljerdi. ElevenLabs-yň inženerleri hakykata ýakyn netijäni gazanmak üçin ses emosionallygyny, depginini we arassalygyny el bilen sazlady. Sintezator kitaby seslendirip, awtor gatnaşmazdan janly okaýyş effektini döretdi. Ozal Melaniýanyň özi dipfeýkler we generatiw kontentler bilen bagly tehnologiýalary tankytlap, olaryň ýaşlaryň hakykaty kabul etmegine täsirini ýetirýändigini belledi. Melaniýa Tramp 26 ýaşynda ABŞ-a gelen sloweniýaly emigrantdyr. Ol 1970-nji ýylyň 26-njy aprelinde Nowo Mesto (öňki Ýugoslawiýa, häzirki Sloweniýa) şäherinde doguldy. Onuň gyz familiýasy Knaws. Ol çagalyk ýyllaryny Sewnisa şäherinde geçirdi. Amerikan raýatlygyny 2006-njy ýylda aldy.