“Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsümi Netflix-de täze rekord goýdy. Serial çykandan soň ilkinji üç günüň içinde 60,1 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýlip, platformanyň habarynda aýdylýar. Tomaşa etmegiň umumy wagty 368 mln sagatdan geçdi. Möwsüm başky üç günüň netijesi boýunça Netflix-iň iňlis dilli däl seriallarynyň arasynda meşhurlygy boýunça dokuzynjy boldy. Şeýle-de, ilkinji onluga birinji we ikinji möwsümler gaýdyp geldi. Serial 93 ýurduň reýtinglerinde ilkinji orunlary eýeledi. Ikinji möwsüm çykan wagty dört günde 68 mln tomaşa bilen başlap, hususan-da, 2022-nji ýylda degişli döwrüň içinde 50,1 mln tomaşa ýygnan “Uensdeý” serialyndan öňe geçdi. Netflix üçünji möwsümiň alty bölüminiň ählisini 27-nji iýunda bir wagtda hödürledi. Rotten Tomatoes saýtynyň maglumatlaryna görä, ahyrky möwsüm tankytçylardan 79% oňyn ses aldy. Tomaşaçylaryň bahasy pes boldy – 50%. IMDb-de ortaça reýting 6,8 bal bolup, käbir bölümler 7,4 – 8,7 bal aldy. The Guardian internetde serialyň iňlis dilli wersiýasyny düşürmek mümkinçiliginiň maslahatlaşylýandygyny belleýär. Gürrüňlere görä, ony Dewid Finçer düşürip biler. Mundan başga-da, ol Kwentin Tarantinonyň ssenarisi boýunça “Günlerde bir gün… Golliwudda” filminiň dowamyny döretmäge gatnaşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir