Daniýa raýatlaryny dipfeýk tehnologiýasyndan goramak üçin giň gerimli kanunçylygy kabul eden ilkinji ýurt boldy. Täze kabul edilen kanun raýatlara öz sesine, daşky görnüşine hem-de sanly keşbine bolan aýratyn hukugy berýär diýip, «TechSpot» habar berýär. Kanun taslamasynyň esasy maddalary: Sanly şahsyýet hukugy: Raýatlar özleriniň razyçylygy bolmazdan döredilen dipfeýk mazmunlaryň öçürilmegini talap edip bilerler. Bu talaplary ýerine ýetirmeýän platformalara uly möçberde jerime salnar. Döredijilik hünärlerini goramak: Sungatçylar we tanymal şahslar öz keşpleriniň rugsatsyz ulanylmagyny gadagan edip, ýetirilen zyýanyň öwezini talap edip bilerler. Söz azatlygy bilen deňagramlylyk: Kanun satira we parodiýa ýaly döredijilik görnüşleriniň hukuk taýdan goraglylygy bilen bilelikde, bu hukuklaryň saklanylmagyny üpjün edýär. Bu başlangyç Teýlor Swiftden başlap Rim Papasyna çenli soňky döwürde peýda bolan galp wideolar sebäpli, emeli aň tehnologiýasynyň ýaramaz niýet bilen ulanylýan ýagdaýlarynyň köpelmegi netijesinde ýüze çykdy. «Adam sanly nusgalaýjy enjam üçin çig mal bolmaly däldir» — diýip, Daniýanyň medeniýet ministri Ýakob Engel-Şmidt aýtdy. Kanun taslamasy parlamentdäki deputatlaryň 90%-niň goldawyny aldy. Kopengagen bu çäreleriň Ýewropa Bileleşiginiň geljekki ýolbaşçylygy döwründe hem dowam etdirilmegini meýilleşdirýär. Täze kanunda çalt çäre görmegiň mehanizmleri göz öňünde tutulýar: platformalar arz edilensoň 24 sagadyň dowamynda degişli mazmuny öçürmeli. Jedelli ýagdaýlara seljeriş üçin bilermenlerden ybarat ýörite komissiýa dörediler. Çagalary goramak üns merkezinde saklanylýar: kämillik ýaşyna ýetmedikleriň keşpleriniň dipfeýk mazmunlarda ulanylandygy üçin, 500 müň krona çenli (takmynan, 67 müň dollar) jerime salnyp bilner. Bilermenler Daniýany generatiw emeli aň döwründe sanly howpsuzlygyň täze ölçegini girizen ýurt hökmünde häsiýetlendirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir