Kriştianu Ronaldu “Al-Nasr” saud kluby bilen şertnamanyň ýene iki ýyla uzaldylandygyny habar berdi. Oýunçy sport taryhynda rekord teklipden ýüz öwrüp bilmedi. “Al-Nasra” geçenden soň, Ronaldu klub bilen ýekeje-de uly kubok gazanmady, diňe 2023-nji ýylda ýarym-ýoldaşlyk Arap çempionlarynyň kubogyny utdy. Ozal onuň kluby terk edip, Ýewropa gaýdyp geljekdigi ýa-da “Sportingde” karýerasyny tamamlap biljekdigi barada gürrüňler peýda boldy. KHBS FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionaty geçirilýänçä “Widaddan, “Al-Hilýaldan” we “Riwer Pleýtden” gysga möhletleýin teklipleriň bolandygyny, ýöne Ronaldunyň olardan ýüz öwrendigini ýazdy. The Sun neşiriniň maglumatlaryna görä, täze şertnama boýunça Ronaldu hepdede, takmynan, 3,4 mln funt sterling (4 mln ýewro) gazanar, bu, takmynan, 208 mln ýewro ýyllyk girdejä barabar. Bu bolsa günde, takmynan, 570 müň ýewro ýa-da minutda 158 ýewro deň. Şertnama bonusy ilkinji möwsümde 28,7 mln ýewro bolup, ikinji möwsümde 44,5 mln ýewro çenli ýokarlanar. Flatio portalynyň seljermesine görä, Portugaliýada ortaça zähmet haky, takmynan, 1500 ýewro barabar. Ronaldu bolsa bary-ýogy üç günde öz dogduk mekanynyň ortaça ýaşaýjysyndan köp gazanar. Eger şertnama bonusyny hem göz öňünde tutsaň, onda 40 ýaşly futbolçynyň girdejisi bäş ýurduň ýyllyk JIÖ-den ýokary bolýar: bu Marşall adalary, Palau, Kiribati, Nauru we Tuwalu (Bütindünýä bankynyň maglumatlary). Şeýle-de, şertnamada şeýle bonuslar göz öňünde tutuldy: saud Pro Ligasyndaky çempionlyk üçin 9,38 mln ýewro, her gol üçin 93 800 ýewro, assist üçin 47 000 ýewro, “Altyn butsy” üçin 4,7 mln ýewro we Aziýanyň Çempionlar ligasyndaky ýeňiş üçin 7,6 mln ýewro. Ikinji möwsümde gol we assist üçin tölegler 20% ýokarlanar. Mundan başga-da, Ronaldu klubuň paýnamalarynyň 15%-ini (häzir olaryň bahasy, takmynan, 39 mln ýewro), 70 mln ýewrolyk mahabat şertnamalaryny, şahsy biznes-jetini alar. Onuň 16 adamdan ybarat hyzmatkärlerine, şol sanda bagbanlaryna hem tölener. Futbolçynyň karýerasyndaky umumy girdejisi 1 mlrd ýewrodan geçer, üstesine-de, täze şertnamany göz öňünde tutup, diňe zähmet haklary 2025/26 möwsüminde bu mukdara ýeter. “Şol bir hyjuw we arzuw bilen täze bap başlaýar. Geliň, taryhy bilelikde döredeliň. Meniň maksatlarymyň çägi ýok” – diýip, Ronaldu täze şertnama baglaşandan soň sosial ulgamlarda ýazdy. Häzir, beýlekiler bilen bir hatarda, futbolçy täze üstünlige – karýerasynda 1000-nji gola kowalaşýar. Oňa ýene 62 gol geçirmek galdy.