Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 30-njy iýundan 3-nji iýul aralygynda Sewilýa şäherinde geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä döwlet we hökümet baştutanlary, BMG-niň Baş sekretary, Bütindünýä bankynyň, Halkara walýuta gaznasynyň, BSG hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar. M.Astanagulow öz çykyşynda maslahatyň möhüm wakalarynyň biriniň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahatyň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan ösüşi maliýeleşdirmäge täzelenen ählumumy çemeleşmäniň bolup durýandygyny belledi. Ministr Jemleýji resminamada görkezilen maslahatlara, şol sanda Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin Hereketleriň meýilnamasyny öz içine almak bilen degişli ösüş maksatnamalaryna we strategiýalaryna Türkmenistanyň ygrarly boljakdygyny belledi. Çäräniň dowamynda maslahatyň dünýä, milli we ýerli derejelerde maliýe ulgamlaryny özgertmek, şol sanda halkara maliýe arhitekturasynyň üýtgemegine goldaw bermek we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde maýa goýumlarynyň çekilmegine päsgel berýän böwetleri aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýändigi bellenildi. Şeýle hem, ählumumy ykdysady özgerişler şertlerinde durnukly ulag ulgamlarynyň ösdürilmeginiň, maddy-tehniki arabaglanyşygyň we dünýä derejesinde ygtybarly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň durnukly ösüşi maliýeleşdirmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we bu döwletlerde ýüze çykýan meseleleri çözmekde netijeli strategiýalary kesgitlemek ýaly meseleler boýunça dialogy ösdürmek üçin möhüm platforma hökmünde hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir