2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdulaý Diop bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-mali hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty geçiriler. Foruma hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir