Volkswagen, BMW, Mercedes-Benz we başga-da Germaniýanyň sekiz kompaniýasy, şol sanda Bosch we ZF awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekişdiler. «S-CORE» diýlip atlandyrylýan taslama elektromobiller, sürüjisiz hem-de birikdirilen ulag serişdeleri üçin modul görnüşli we howpsuz sanly platformany döretmegi maksat edinýär. «S-CORE» ulanyja gönüden-göni görünmeýän programma modullaryny – tapawutlandyryp bolmaýan komponentleri öz içine alýar. Bu ýerde, esasan, operasion ulgam bilen goşundylaryň arasyndaky maglumat alyş-çalşygy, howpsuzlyk we interfeýsler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bolsa, her bir kompaniýa öz awtoulaglarynyň wizual görnüşinde we ulanyjy interfeýsinde özboluşlylygyny saklap galar. Taslamanyň maksady – awtoulag senagatynyň sanly ösüşini çaltlaşdyrmak hem-de bu ugurda Ýewropanyň ABŞ we Hytaý bilen arasyndaky tehnologik aratapawudyny azaltmakdyr. Volkswagen kompaniýasynyň öňki aýratyn taslamasy bolan Cariad-dan tapawutlylykda, bu gezek kompaniýalar bilelikde işleşerler. Olaryň pikirine görä, bu usul çykdajylary azaldyp, netijeliligi ýokarlandyrar. Işläp düzüjiler platformanyň ilkinji işjeň wersiýasyny 2026-njy ýylda hödürlemegi meýilleşdirýärler. 2030-njy ýyla çenli bolsa onuň köpçülikleýin önümçilige doly ornaşdyrylmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir