Britaniýanyň patyşa maşgalasy 2027-nji ýyla çenli dokuz wagondan ybarat patyşalyk otlusyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Sky News habar berýär. Munuň sebäbi tehniki hyzmat üçin şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy we otlyny saklamak üçin çykdajylaryň ýokary bolmagy boldy. Patyşa otaglarynyň sakçysy Jeýms Çalmers bu çözgüdi serişdeleriň oýlanyşykly sarp edilmeginiň we baha bilen hil deňagramlylygyny saklamak isleginiň mysaly diýip atlandyrdy. Otlyny saklamak üçin ýylda 1 mln funt sterlingden gowrak serişde sarp edilýär. Bu mukdar otlyny iş ýagdaýynda saklamak, duralga, işgärleriň zähmet tölegleri we patyşa maşgalasynyň agzalaryny gatnatmak üçin çykdajylary öz içine alýar. Şa aýaly Ýelizaweta II-niň aýratyn gowy gören demirýol ulagy iki sany täze dikuçar bilen çalşylar. Patyşa otlusy 1977-nji ýylda ulanylyşa girizildi we gysga wagtda milli nyşana öwrüldi. Lokomotiwler ösümlik ýagynyň galyndylaryndan ekologiýa taýdan arassa bioýangyjy ulanýar diýip, köşgüň 2020-nji ýyldaky hasabatynda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir