Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sosial aragatnaşyk boýunça komissiýasy ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň ýaýrawy barada hasabat hödürledi. Hünärmenleriň hasaby boýunça, her altynjy adam diýen ýaly ýiti ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýär, bu gönüden-göni saglygyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu barada BSGG-niň metbugat-relizinde aýdylýar. Guramanyň maglumatlaryna görä, ýalňyzlyk her ýyl, takmynan, 871 müň adamyň ölümine getirýär – bu sagatda, takmynan, 100 adama deň. Komissiýanyň egindeş başlygy, ABŞ-nyň öňki baş sanitar lukmany Wiwek Merti ýalňyzlyga ilkinji gezek ulgamlaýyn çemeleşmäni talap edýän global mesele hökmünde garalýandygyny belledi. Hasabatda sosial aragatnaşyklary berkitmek boýunça strategiýa hödürlenýär. Bu, awtorlaryň pikiriçe, saglygy goraýyş, bilim we ykdysady ulgamlary gowulaşdyrmaga kömek edip biler. BSGG ýalňyzlygy gürrüňdeşligiň ýetmezçilik etmek duýgusy, sosial üzňeligi bolsa aragatnaşygyň asla bolmazlygy hökmünde häsiýetlendirýär. Guramanyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus ýalňyzlygyň netijeleriniň hem aýry-aýry adamlara, hem umumy jemgyýete täsir edýändigini belledi. Ol sosial aragatnaşyklary, şol sanda aragatnaşygyň sanly görnüşini berkitmäge çagyrdy. Ýalňyzlyk, esasan, ýetginjekleriň we pes girdejili ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň arasynda duýulýar. 13 ýaşdan 29 ýaşa çenli adamlaryň 17 – 21%-i özüni ýalňyz duýýar. Pes girdejili ýurtlarda ýalňyzlyk sorag edilenleriň 24%-inde, barly ýurtlarda bolsa – 11%-inde hasaba alynýar. Deslapky maglumatlara görä, sosial üzňelik garry adamlaryň, takmynan, üçden birine we ýetginjekleriň dörtden birine täsir edýär. Hususan-da, maýyp adamlar, migrantlar, bosgunlar we azlyklaryň wekilleri has ejiz hasaplanýar. Hünärmenler ýalňyzlygy psihiki we fiziki saglygyň ýaramazlaşmagy, bilimde ýetişigiň 22% peselmegi, öndürijiligiň peselmegi we saglygy goraýyş ulgamyna düşýän agramyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir