Microsoft korporasiýasy golaýda Windows ulgamynyň 1 milliarddan gowrak işjeň enjamda işleýändigini habar berdi diýip, «Forbes» ýazýar. Emma kompaniýanyň 2022-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyna görä, bu görkeziji öň 1,4 milliarddan geçýärdi. Ýagny, operasion ulgam üç ýylyň dowamynda, takmynan, 400 million ulanyjyny ýitiripdir. Bu ýagdaý Microsoft-yň näme sebäpden Windows 10 ulgamynyň goldawyny ýapmazdan öň ulanyjylary Windows 11-e geçmäge yzygiderli çagyrýandygyny düşündirýär. Emma giden ulanyjylaryň hemmesi macOS-y saýlamady: Mac kompýuterleriň satuwy hem pese gaçdy we 2023-nji ýylda Apple kompaniýasynyň girdejisiniň diňe 7,7%-ini düzdi. Muňa derek, ulanyjylar köpçülikleýin gündelik zerurlyklaryny kanagatlandyrýan smartfonlara we planşetlere geçýärler. Windows ulgamy oýun we professional gurşawda häzirem ähmiýetli bolsa-da, köplük oňa bolan gyzyklanmasyny ýitirýär. Şol bir wagtyň özünde, Chromebook ýaly alternatiw çözgütler has amatly we elýeterli boldy. Şeýle-de Windows ulgamynyň giň maksatlar üçin ulanylýan platforma hökmünde özüne çekijiligi kem-kemden azalýar.