Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder. Bu barada Sukerbergiň içerki resminamasynda aýdylýar. Resminama bilen CNBC teleýaýlymy tanyş boldy. Täze bölümçe esasy EA modelleriniň, şol sanda Llama açyk platformasynyň, Meta-nyň korporatiw önümleriniň we Fundamental AI Research-yň (FAIR) gözlegleriniň üstünde işlär. Meta OpenAI we Google bilen bäsleşmek üçin EA ugruny işjeň ösdürýär. Iýun aýynda kompaniýa Wany we onuň toparyny işe alyp, Scale AI kompaniýasyna 14,3 mlrd dollar maýa goýdy. Şeýle-de, taslama Fridman we onuň ýoldaşy Daniel Gross goşuldy. Ol öň Safe Superintelligence startapyna ýolbaşçylyk edipdi. Meta bu startapy satyn almak isledi, ýöne onuň teklibi ret edildi. Sukerberg kompaniýanyň “adamzat üçin täze eýýamy” açjak super aňy işläp taýýarlamakda öňdebaryjy bolmaga ymtylýandygyny aýtdy. MSL toparyna GPT-4o, Gemini çat-botlaryny we beýleki ösen EA tehnologiýalaryny işläp düzüjiler girdi. Meta eýýäm 1 milliarddan gowrak ulanyjynyň ulanýan Llama 4.1 we 4.2 modellerini ösdürmegi dowam etdirer. Munuň bilen birlikde topar täze EA nesliniň üstünde işläp başlar. Ozal Sem Altman Meta-nyň OpenAI-iň işgärlerini 100 mln dollara çenli bonus bilen özüne çekmek synanyşyklary barada aýdypdy. Muňa jogap hökmünde Meta-nyň tehniki müdiri Endrýu Boswort “bu ýerde zehinler üçin bahany, hakykatdanam, üýtgeşik we görlüp-eşidilmedik bazaryň kesgitleýändigini” belledi.