“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär. Olaryň aýtmagyna görä, bu dürli görnüşde we žanrlarda kontent döretmek mümkinçiligini giňeltmäge hem-de täze görnüşli intellektual eýeçiligini döretmäge mümkinçilik berýär. Studiýa önümçilikde iki esasy ulgamy ulanýar: Cinematic AI we AI Script. Cinematic AI şekili, wideony, sesi bir ulgama birikdirip, 3D gahrymanlary we olaryň töweregindäki giňişligi awtomatik usulda işleýär. AI Script bolsa sarp edijileriň islegini we bazar tendensiýasyny seljerip, laýyk gelýän žanrlary we media formatlaryny hödürleýär. “Pişik Biggi” sözsüz gysga animasion bölümlerden ybarat serialdyr. EA 30 sany iki minutlyk bölümleri bary-ýogy bäş aýyň içinde özbaşdak taýýarlady we wizuallaşdyrdy. Serial garaşylmadyk ýagdaýda bir jüýjejik üçin ata öwrülýän pişik barada gürrüň berýär. CJ ENM özüni “global emeli aň studiýasy” hökmünde görkezýär. Bir ýylyň içinde kompaniýa EA-ny ulanmak bilen, film we serial önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär.