Netflix akym hyzmaty NASA bilen hyzmatdaşlykda raketalaryň uçuşyny, astronawtlaryň açyk kosmosa çykyşyny we beýleki kosmos bilen bagly wakalary göni ýaýlymda görkezip başlar. Bu barada platformanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär. Ilkinji göni ýaýlymlar eýýäm şu ýylyň tomsunda bolar. Netflix-e ýazylanlar Halkara kosmos stansiýasyndan (HKS) reportažlary we kosmosdan Ýeriň görnüşini görüp biler. The Verge-iň maglumatlaryna görä, Milli aeronawtika we kosmos giňişlini öwrenmek boýunça edara (NASA) öz missiýalaryny NASA+ akym hyzmatynda hem ýaýlyma bermegini dowam etdirer. Ol 2023-nji ýylyň noýabrynda döredildi we ýazylyşyk bolmazdan işleýär. Netflix bilen hyzmatdaşlyk NASA-nyň işini global auditoriýa üçin has elýeterli etmäge mümkinçilik berer. “Biz bilelikde täze nesillere ylham bermek bilen, innowasiýalaryň we gözlegleriň Altyn asyryna tarap ymtylýarys” – diýip, gurama belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir