2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň pleý-off oýunlarynyň 1/8 finalynyň ýene iki duşuşygy tamamlandy. Olaryň netijesinde ýaryşyň dörtden bir finalynyň ikinji garşydaş toparlary belli boldy. “PSŽ” “Inter Maýamini” jogapsyz 4:0 hasabynda utdy. Mýunheniň “Bawariýasy” bolsa Braziliýanyň “Flamengo” toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, çärýek finalda duşuşjak ikinji garşydaşlar şeýle görnüşde: “PSŽ” (Fransiýa) – “Bawariýa” (Germaniýa) Bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk 5-nji iýulda bolar. Oýun Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar. Bu duşuşygyň ýeňijisi ýarym finalda "Real", "Ýuwentus", "Borussiýa" ýa-da "Monterreý" bilen duşuşar. Ýatlap geçsek, mundan öň Klublaýyn dünýä çempionatynyň dörtden bir finalyna gatnaşjak ilkinji garşydaşlar belli boldy. Braziliýanyň “Palmeýras” kluby Londonyň “Çelsisi” bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir