25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Fransiýanyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara, hususan-da, Fransiýa-Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp geçdiler. Şeýle-de taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegiň wajyplygyny nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, hususan-da iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. M.Bäşimowa türkmen tarapynyň işjeň parlamentara dialogy ösdürmäge bolan taýýarlygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir