Ilon Mask Grok emeli aňynyň täze wersiýasynyň “adamzadyň ähli bilimlerini” özüne almalydygyny aýtdy. Ol bu barada X sosial ulgamynda ýazdy we öz AI-siniň öwrenmek üçin başga başlangyç maglumatlara esaslanýandygy sebäpli bäsdeşleriniň çözgütlerinden tapawutlanjakdygyny belläp geçdi. Telekeçiniň sözlerine görä, xAI topary giň logiki pikirleniş ukybyna eýe bolan Grok 3.5 wersiýasy ýa-da entek bildiriş edilmedik Grok 4 bilen işleýär. Ilki bilen, belli ýalňyşlyklary aradan aýyrmak we bilim boşluklaryny doldurmak üçin neýroulgamy gowulandyrmak meýilleşdirilýär. Ondan soň, Grok täzelenen maglumatlar korpusyny ulanyp, täzeden taýýarlanar. Mask, bar bolan neýroulgamlaryň köpüsiniň "maglumat zibilinden" ejir çekýändigini aýtdy. Bu modelleriň hilini peseldýän nädogry maglumatlar boýunça öwredilmegi sebäpli ýüze çykýar. xAI-i işläp taýýarlaýjylaryň Grokdaky bu kemçiligi aradan aýyrmalydygyny aýtdy. Mask 2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Grok 3.5-iň ýakyn wagtda çykjakdygyny mälim edendigini ýatladýarys. Onuň aýratynlygy pikirlenmek we üýtgeşik jogaplary döretmek ukyby bolmalydy. Emma entek doly çykmady – işläp taýýarlamak dowam edýär. “Adamzadyň ähli bilimlerini” özünde jemlejek AI-iň täze wersiýasynyň yglan ediljek senesi entek aýan edilmedi.