Ýol howpsuzlygy Amerikan instituty (IIHS) täzelenen Top Safety Pick+ reýtingini çykardy. Onda 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli ABŞ-da bar bolan iň ygtybarly ýeňil ulaglaryň sanawy ýerleşdirildi. Muňa gapdal urgulary, kiçi we orta derejeli öň tarap çaknyşyklary öz içine alýan berk kraş-testlerden, şeýle hem pyýadalaryň öňünde awtomatiki tormoz tutuş ulgamlarynyň we faralaryň netijeliliginiň barlag synaglaryndan üstünlikli geçen on sany model girdi. 10 awtoulagyň 9-sy Aziýa markalary, ýagny Honda, Hyundai, Toyota, Mazda we Kia. Premium segmentiniň ýeke-täk wekili Mersedes-AMG C 43 boldy. Modelleriň köpüsi gibrid ýa-da münmäge amatly sedanlar. Aýratynam, passiw howpsuzlygyň ýokary görkezijileri boýunça Honda Civic we Accord, pyýadalaryň goraglylygy we ýangyç tygşytlylygy boýunça Toyota Prius we Hyundai Ioniq 6 tapawutlandy. Ykjam modelleriň arasynda Kia K4 bellendi. Ol faralary ideal däl hem bolsa, häzirki zaman sürüjilere kömek ulgamlary bilen Forte-niň mirasdüşeridir. Hyundai Elantra bilen Sonata ygtybarly maşgala awtoulaglary derejesini ýene bir gezek tassyklady, Mazda3 iki görnüşinde-de - sedanda we heçbekde durnukly netijeleri görkezdi. Häzirki wagtda diňe gibrid görnüşinde elýeterli bolan täzelenen Toyota Camry energiýa netijeliligi we oňat hilli ýygnalandygy sebäpli sanawa düşdi. Tutuş setiriniň dört silindrli hereketlendirijilere geçendigine garamazdan, Mersedes C-Class işjeň howpsuzlyk ulgamlarynda we öndürilişiniň hilinde öňdebaryjylygyny saklady. Hünärmenleriň pikirine görä, 2025-nji ýylda hut sedanlar we heçbekler howpsuzlygyň, netijeliligiň we enjamlaryň iň amatly sazlaşygyny hödürlemegi dowam etdirýär.