23-nji iýunda Kaliforniýanyň (ABŞ) Wandenberg kosmodromyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy uçuryldy. Bu sapar raketa dürli sargytçylaryň 70 sany adaty ýükünden başga-da, adaty bolmadyk ýüki – adamlar bilen öý haýwanlarynyň külünden we DNK-syndan ybarat 150 kapsulany hem orbita çykardy. Bu çäre Perseverance Flight (“Ygrarlylyk uçuşy”) atly taslamanyň çäginde geçirildi. Ony 1994-nji ýyldan bäri kosmosda hatyralama hyzmatlaryny ýerine ýetirýän Celestis kompaniýasy hem-de Ýewropanyň The Exploration Company bilelikde amala aşyrdy. Kapsulalar Mission Possible atly ýörite bölüme ýerleşdirildi. Bu enjam Ýeriň daşyndan birnäçe gezek aýlanyp, soňra kapsulalar ýa Ýeriň atmosferasynda ýanyp ýok bolar ýa-da Ýuwaş ummanyna gaçar. Eger gaçsa, olar suwdan çykarylyp, ýakynlaryna yzyna berler. Bu uçuşa gatnaşanlaryň arasynda adamlar, öý haýwanlary we DNK-sy kosmosa çykarylan iň ýaş ýewropaly bolan 3 ýaşyndaky Matteo Bart hem bar. Bu waka ilkinji gezek bolup geçýän zat däl – orbitany “kosmos guburlugyna” öwürmäge synanyşyklar mundan ozal hem bolupdy. Celestis mundan öň “Ýyldyzly ýol” (“Star Trek”) teleserialynyň döredijisi Jin Roddenberri bilen aktýor Jeýms Duhanyň simwoliki galyndylaryny hem kosmosa çykarypdy. Hatyralama kosmos hyzmatlary häzirki wagtda biznese öwrüldi. Celestis bilen birlikde bu ugurda Elysium Space atly kompaniýa hem iş alyp barýar. Olaryň hyzmatlary müşderiniň külüni orbita, Aýa ýa-da Gün ulgamynyň çäginden daşara çykarmagy öz içine alýar. 2024-nji ýylyň ýanwarynda häzirlikçe ýeke-täk gezek Aýa çykaryş missiýasy amala aşyryldy. Bahalar şeýle: Ýere dolanýan uçuş – $3495 Orbita çykarmak – $4995 Aýa ýa-da Gün ulgamyndan daşara – $12995-den başlaýar. Deňeşdirmek üçin, ABŞ-da adaty ýere jaýlamak we kremasiýa hyzmatlarynyň bahasy $7000–12000 aralygynda bolýar. Falcon 9 raketasynyň ýükleriniň arasynda başga-da birnäçe enjam boldy: Capella Space tarapyndan taýýarlanan Capella-17 radarlary bilen enjamlaşdyrylan ýer synlaýjy hemra; Starfish Space tarapyndan taýýarlanan Otter Pup 2; bu enjam 2025-nji ýylyň ahyrynda hususy hemralaryň orbitada ilkinji gezek birleşmek synagyna gatnaşar; Ilkinji gezek orbitada ýerleşdirilen fotonly kwant kompýuter — onuň ululygy aýakgap gutusy bilen deň, bu enjamyň ýolbaşçylygyny Wenanyň uniwersitetinden Filip Walter alyp bardy; Varda Space kompaniýasynyň kosmosda derman öndürýän we Ýere gaýtaryp getirmegi maksat edinýän dördünji kapsulasy hem bu uçuşda bardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir