Şu gün, 25-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Sergeý Lawrowyň ýurdumyza saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutany Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzakmöhletli häsiýete eýedir we deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýar. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribä, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk gatnaşyklaryna daýanýandygy bellenildi. Syýasy dialog, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köptaraply gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler işjeň geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir