23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Şu ýyl bu hyzmatdaşlyga 25 ýyl dolýar. Geçen döwrüň içinde Aziýa ösüş banky Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin uly ähmiýete eýe bolan köp sanly taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Bu taslamalar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny, hususan-da, energetika, ulag, saglygy goraýyş ýaly ulgamlary öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen bu maliýe guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar 2024 – 2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýurdumyzyň ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamlaryny ösdürmäge ýardam berýändigi aýratyn bellenildi. Döwlet Baştutany şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ulgamdaky özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu möhüm taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde ähli ugurlarda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer. Geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistana ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge berk esas bolup hyzmat edýär. Bu ugurda, ýurdumyz demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Aziýa ösüş banky bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmäge möhüm ähmiýet berýär. Döwlet Baştutany kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz we maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hususy ulgamy ösdürmek maksady bilen, Aziýa ösüş bankynyň ýurdumyzyň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny belledi. Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem bu iri halkara maliýe guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.