Tesla kompaniýasy Tehas ştatynyň Ostin şäherinde çäklendirilen sürüjisiz taksi hyzmatynyň işe girizilendigini habar berdi. “Tehas ştatynyň Ostin şäherinde Tesla Robotaxi gatnap başlady” – diýlip, kompaniýanyň resmi X akkauntynda aýdylýar. Häzirlikçe täze hyzmatdan diňe kompaniýadan ýörite çakylyk alan ulanyjylar peýdalanyp biler. Gatnaw 10-20 awtomobilden köp bolmadyk geozolaklarda elýeterli bolar. Taksi ýörite programma arkaly çagyrylýar. Hyzmat her gün ýerli wagt boýunça 6:00-dan ýarygijä çenli işleýär. Gatnawyň bahasy 4,20 dollara barabar. Kompaniýa şeýle bahany düşündirmedi, ýöne bu sanyň (4-2-0) ozal Ilon Mask tarapyndan şahsy islegleri bilen baglylykda ulanylandygy belli. Howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin öňdäki ýolagçy oturgyjynda Tesla-nyň işgäri bolýar. Ol zerur bolan ýagdaýynda ulagy gyssagly saklap ýa-da gyra gönükdirip biler. Bellenilişi ýaly, Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy edarasy (NHTSA) ozal Tesla-nyň robotaksiniň howpsuzlygyna degişli iberilen soraglara beren jogaplaryny öwrenmegi dowam etdirýär. Ýakynda Tehasda awtonom awtomobilleri ulanmaga ygtyýarnama talap edýän kanun kabul edildi. Ol 1-nji sentýabrda güýje girer. Kanun dördünji awtonomlyk derejesi bolan ulaglaryň ulanylmagyna rugsat berýär. Tesla-nyň ulgamlary bolsa ikinji derejeli hökmünde kesgitlenýär. Talaplara laýyk gelmek üçin, Tesla dolandyryşy öz üstüne almaga taýýar bolan operatorlar toparyny ulanýar. Awtonomlygyň 4-nji derejesini Google-a degişli bolan Waymo robotaksisi tassykladyp bildi. Ol eýýäm birnäçe şäherde, şol sanda Ostinde işleýär. Kompaniýa hasam giňelmegi meýilleşdirýär. Waymo awtoparkynda 1500 töweregi Jaguar I-Pace awtomobilleri bar.