Apple 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ilkinji eplenýän iPhone smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýär. Smartfonlar üçin çeýe displeýler bilen üpjün ediji Samsung Display bolar diýip, analitik Ming-Çi Ko salgylanyp, CNBC habar berýär. Apple günorta koreýaly bäsdeşinden 8 mln ekran satyn almak isleýär – bu diňe 2026-njy ýyl üçin önümçilik programmasynda göz öňünde tutulýan mukdardyr. Apple-den jemi sargyt 15-20 mln displeýe ýetip biler – olaryň önümçiligi birnäçe ýylyň dowamynda alnyp barlar. Eýýäm şu güýz iPhone önümçiligi bilen meşgullanýan Foxconn smartfony taslama goşulyp biler. Häzirki wagtda täze smartfon üçin ähli gerekli bölekler köpçülikleýin önümçilige taýýar däl. Hususan-da, korpusyň eplenmegine jogap berýän şarnir mehanizmi doly tamamlanmadyk. Köpçülikleýin önümçiligiň 2026-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda başlamagyna, tanyşdyrylyşyň we satuwyň bolsa 2026-njy ýylyň güýzünde bolmagyna garaşylýar. Smartfonyň çen-takmyn bahasy 2000-2500 dollar bolar. Bellemeli ýeri, eplenýän iPhone barada resmi maglumatlar häzirlikçe ýok. Bu diňe insaýderleriň maglumatlarydyr. Analitikleriň hasaplamalaryna görä, geçen ýyl eplenýän smartfonlar dünýä bazarynyň 1,5%-den hem az bölegini eýeledi. 2024-nji ýylda olaryň satuwy bary-ýogy 3% ýokarlandy, ýöne 2025-nji ýylda ol azalyp biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir