Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, älem giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) dünýä indi. Ol Türkmenistanyň Gahrymany (2019-njy ýylda dakyldy) we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany (2009-njy ýyldan bäri) atlaryny aldy. 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrda Kononenko nobatdaky kosmos uçuşlaryndan Ýere dolanyp geldi we adamyň kosmosda bolmagynyň jemi dowamlylygy boýunça rekord goýdy. Ol ömrüniň 1110 gün, 14 sagat we 57 minutyny kosmosda geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir