20-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Stomatologiýa merkezine baryp, merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna, binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary, köp gatly merkeziň ugurdaş desgalarynyň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Merkeziň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlyk çäresine tejribe alyşmak üçin ýurdumyzda saparda bolýan Germaniýanyň meşhur stomatolog lukmany Aksel Zöllner hem-de onuň ýany bilen döwrebap, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan stomatologiýada usulyýet we bejeriş işleri boýunça işleýän kärdeşleri-de gatnaşdylar. Lukman Arkadagymyz merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Taslamalar bilen tanyşlygyň çäklerinde Stomatologiýa merkeziniň lukmany J.Garlyýew täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, näsaglaryň ýatymlaýyn bejergi alyp bilmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi merkeziň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar, şol sanda çagalar üçin aýratynlykda niýetlenen bölümler bar. Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň “GAP Inşaat” kompaniýasynyň wekili merkeziň binagärlik aýratynlyklary, onuň bölümleriniň ýerleşdiriliş tertibi, binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň çäkleriniň häzirki zaman talaplaryna görä abadanlaşdyrylmagy boýunça şäherdäki lukmançylyk edaralary bilen bilelikde degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri paýtagtymyzdaky Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde täze gurulýan Stomatologiýa merkezinde işlemek üçin degişli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy we bu işleri dowam etdirmek üçin zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. Germaniýaly tejribeli stomatolog lukmanlardyr diş tehnikleri merkezde ornaşdyrylýan enjamlaryň dünýäde iň kämil enjamlardygyny, olaryň lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarydygyny nygtap, täze desganyň enjamlaşdyrylyşynyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagy we şäheriň abadançylyk derejesiniň ýokary görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir