Beýik Britaniýadaky Hibaldstou obasyny tawus guşlary eýeledi. Guşlar awtomobillere hüjüm edip, özleriniň aýnadaky keşplerine haýbat atýar. Olar baglyklara we mazarlara zeper ýetirýär, şeýle-de ýiti sesleri bilen ýerli ýaşaýjylary biynjalyk edýär diýip, The Telegraph habar berýär. Tawus guşlary obada 1960-njy ýyllardan bäri ýaşaýar, ýöne häzir ýaşaýjylary olaryň populýasiýasynyň çalt artmagy alada goýýar. 75 ýaşly Les Gladuell ýakynda öz baglygynda 18 tawus guşuny sanandygyny gürrüň berdi. “Olar baglyklary weýran edip, göze ilen ähli zatlary iýdi, üstesine-de olar ulagyma hüjüm edýär. Bu owadan guşlar we käwagt olaryň obanyň içinde gezmelemegini görmek ýakymly, ýöne häzir bu çäkden çykdy” – diýip, ol belledi. Oba geňeşiniň agzasy Dewid Stothard tawus guşlaryny Hibaldstoudan doly çykarmagyň başartmajakdygyny belledi. “Biz ýygnak geçirip, meseläni orta atdyk. Bir zenan guşlaryň sanyny azaltmagy teklip etdi. Ahyrynda, biz tawus guşlary galmaly diýen netijä geldik, ýöne ol, eger islese, başga ýere göçüp biler” – diýip, Stothard aýtdy.